"Maksat-deri" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti
"Maksat-deri" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti
Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän "Maksat-deri" AGPJ-niň önümçilik kärhanasynda iri we ownuk şahly mallaryň derisi gaýtadan işlenilip, olardan ýokary hilli, tebigy, dürli reňkdäki we galyňlykdaky gön önümleri taýýarlanylýar. Kärhananyň önüm görnüşlerine aýakgap üsti we içlik üçin gönler, gaýyş gönler we beýleki gön önümleri degişlidir. "Maksat-deri" AGPJ-niň esasy maksady içerki hem-de daşary ýurtly isleg bildirýän taraplary ýokary hilli we ekologik taýdan arassa bolan gön çig maly bilen netijeli üpjün etmekden, şeýle-de bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmakdan ybarat.
"Maksat-deri" AGPJ gön önümlerine isleg bildirýän müşderileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.