"Mary deri-aýakgap" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

Esasy

|

Täzelikler

|

"Mary deri-aýakgap" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

"Mary deri-aýakgap" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen "Röwşen" hususy kärhanasynyň bilelikde esaslandyrmagynda döredilen "Mary deri-aýakgap" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işinde, esasan, maldarçylyk pudagynyň tebigy aýratynlyklary bolan derilerden işlenip taýýarlanan ýokary hilli gön önümleri öndürilýär. Ahyrky netijede taýýarlanan önümlerden aýakgap bölüminde "Röwşen" HK-nyň tejribeli hünärmenleriniň we ussalarynyň ýardamy bilen, ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 1 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylar üçin pasyllara görä dürli görnüşli okuw aýakgaplarynyň önümçiligi alnyp barylýar. Önümçilik kärhanasynyň gön önümleridir aýakgaplary hil taýdan berkligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, eýýäm gysga döwrüň içinde türkmen sarp edijileri tarapyndan uly islege eýe boldy. Okuwçylar üçin niýetlenen aýakgaplar "Röwşen" HK-nyň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatda hem-de ýurduň welaýat merkezlerinde ýerleşýän dükanlarynda, şeýle-de täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan mekdep ýarmarkalarynda alyjylar köpçüligine ýetirilýär. Ýeri gelende bellesek, "Mary deri-aýakgap" AGPJ-de arassa deriden öndürilýän, aýaga rahatlygy, ykjamlygy, berkligi we daşary ýurtlardan getirilip satuwa çykarylýan aýakgaplardan arzanlygy bilen tapawutlanýan önümleriň assortimentini ýakyn geljekde has ýokary hilli täze önümler bilen baýlaşdyrmak meýilleşdirilýär.