"Röwşen aýakgaplary" bir aýlyk arzanladyş yglan edýär

Esasy

|

Täzelikler

|

"Röwşen aýakgaplary" bir aýlyk arzanladyş yglan edýär

"Röwşen aýakgaplary" bir aýlyk arzanladyş yglan edýär

Halkara Hitaraplyk gününiň we ýetip gelýän Täze ýylyň öňüsyrasynda "Röwşen aýakgaplary" dükanlary müşderiler üçin ýörite teklip taýýarlady. 2024-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary aralygynda "Röwşen aýakgaplary" özüne çekiji şertler bilen aýakgaplara arzanladyş yglan edýär. Ýörite teklip bahasy 350 manatdan başlaýan aýakgap satyn alanyňyzda güýje girýär. Müşderilere amatly arzanladyş ulgamy hödürlenýär: birinji jübüt aýakgap üçin – 10%, ikinji jübüt üçin – 25%. Bu arzanladyşyň üçünji jübüt aýakgaplara degişli däldigini bellemelidiris. Mundan başga-da, "Röwşen aýakgaplary" dükanlarynda 50% arzanladyş bilen 350 manat möçberinde ýörite bahadadan aýakgaplaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Şeýlelik bilen, alyjylar baýramçylyk arzanladyşynyň dowamynda ýokary hilli we ajaýyp aýakgaplary satyn almak bilen, uly möçberde pul tygşytlap bilerler. Bu ajaýyp teklipden peýdalanmaga howlugyň!