“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si we seýilgäh açyldy

Esasy

|

Täzelikler

|

“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si we seýilgäh açyldy

“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si we seýilgäh açyldy

Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreler görüldi. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, ýanaşyk ýerleri, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär. Aşgabat şäheriniň "Parahat-7" ýaşaýyş toplumynda her biri 54 öýli 4 sany 9 gatly hem-de her biri 36 öýli 9 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň açylyş dabaralaryny geçirildi. Seýilgähiň gurluşygy "Röwşen" hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy.