Merw metjidi

Mary welaýaty, Sakarçäge etraby, Şatlyk şäherçesi

Arkadag şäheriniň aragatnaşyk müdirligi

Ahal welaýaty, Arkadag şäheri

Ýöriteleşdirilen 146-njy orta mekdep

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumy

“Türkmen alabaý itleriniň” Tohumçylyk Merkezi

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri

Türkmeniň Ak öýi

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Mary welaýaty, Mary şäheri

Biz barada

  • “Röwşen” hususy kärhanasy gurluşyk işleri bilen ýakyndan meşgullanmak bilen ýurdumyzda iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşyk işlerini amala aşyrdy. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda “Türkmeniň ak öýi” binalary, Balkan welaýatynyň Baş metjidini we Mary welaýatynyň Şatlyk şäherçesindäki Merw metjidini, Aşgabat şäherinde 48 öýli hem-de 72 öýli 12 gatly we Arkadag şäherinde 4 sany 48 öýli 7 gatly ýaşaýyş jaýlary munuň aýdyň subutnamasy. Ýeri gelende belläp geçsek, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli hususy telekeçileriň arasynda yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşiginde 3-nji ornuň ýeňijisi hökmünde «Ýylyň işewür gurluşykçylary» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Biziň taslamalarymyz

Aşgabat şäheriniň Parahat - 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurulýan 3 gatly Söwda we hyzmat öýüniň gurluşygy dowam edýär

Asma ýolunyň durky täzelenme işleri güýçli depginde alnyp barylýar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy açylyp ulanylmaga berildi

Aşgabat şäheriniň Parahat - 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurulýan 3 gatly Söwda we hyzmat öýüniň gurluşygy dowam edýär

Aşgabat şäheriniň Parahat – 7/3 ýaşaýyş toplumynda “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän 3 gatly söwda we hyzmat öýüniň gurluşyk işleri depginli alnyp barylýar. Desganyň bina edilmeginde ýokary hil standartlaryna, howpsuzlyk kadalaryna hem-de öňdebaryjy gurluşyk tehnologiýalaryna üýtgewsiz eýerilýär. Täze söwda we hyzmat öýüniň işe girizilmegi ýurdumyzyň ilatynyň durmuş-medeni şertleriniň has-da gowulanmagyna, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine, şeýle hem hyzmatlar ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berer. Gurluşyk işleri bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylyp, desga ulanyşa doly taýýarlanylmagy üçin içki we daşky abadanlaşdyryş, inženerçilik ulgamlaryny ýerleşdirmek ýaly işler degişli derejede ýerine ýetirilýär. Bu desga boýunça gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanyp, ony 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Asma ýolunyň durky täzelenme işleri güýçli depginde alnyp barylýar

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 17.01.2025-nji ýylda çykaran №1247 belgili Karary esasynda “Türkmenbaşynyň asma ýolunda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda” işler alnyp barylýar. Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň gurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň "Türkmenenergogurluşyk" konserniniň degişli döwlet kärhanasyna Aşgabatda ýerleşýän asma ýolunyň binalarynda we desgalarynda, şeýle hem ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada "Röwşen" hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Düýpli abatlaýyş işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgany 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy açylyp ulanylmaga berildi

1-nji sentýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Mary welaýatynyň häkimi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň wekilleri, institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Institutyň täze desgalarynyň gurluşygy Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy bar. Goşmaça okuw binasynda her biri 50 we 80 orunlyk umumy okuw otaglarynyň 18-si, 28 sany amaly okuw otagy, 6 kompýuter, 6 lingafon otagy, 57 sany okuw-tejribehana otagy ýerleşdirilendir. Bulardan başga-da, bu ýerde «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robot tehnikasy we emeli aň okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler jaýy, kiçi mejlisler jaýy, döredijilik merkezi hereket edýär.

Biz bilen habarlaşyň