Röwşen aýakgaplar
«Röwşen» HK döwrebap aýakgaplary öndüriji hökmünde 2003-nji ýylda abraýa eýe boldy. Şondan bäri «Röwşen aýakgaplary» haryt nyşanly köwüşler alyjylaryň islegli harydyna öwrüldi. Gowy hilli döwrebap aýakgaplar ýurdumyzyň dükanlaryna ýerleşdirilýär. Häzirki wagtda Mary welaýatynyň aýakgap öndürijileriniň önümleriniň giň görnüşi ýurdumyzyň 30-dan gowrak söwda nokatlarynda satylýar.
Röwşen gurluşyk
“Röwşen” hususy kärhanasy 1992-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde döredilip, ýokary hilli aýakgap önümlerini öndürmek bilen halkymyza hyzmat edip gelýär. Şeýle hem, “Röwşen” husysy kärhanasy gurluşyk işleri bilen ýakyndan meşgullanmak bilen ýurdymyzda iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşyk işlerini amala aşyrdy we aşyrýar.
Giňişleýin maglumatMary deri
«Mary deri-aýakgap» AGPJ-niň işinde, esasan, maldarçylyk pudagynyň tebigy aýratynlyklary bolan derilerden işlenip taýýarlanan ýokary hilli gön önümleri öndürilýär. Önümçilik kärhanasynyň gön önümlerinden taýýarlanylan aýakgaplar hil taýdan berkligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, eýýäm gysga döwrüň içinde sarp edijiler tarapyndan uly islege eýe boldy.
Giňişleýin maglumatMaksat deri
«Maksat-deri» AGPJ-niň önümçilik kärhanasynda iri we ownuk şahly mallaryň derisi gaýtadan işlenilip, olardan ýokary hilli, tebigy, dürli reňkdäki we galyňlykdaky gön önümleri taýýarlanylýar. Kärhananyň önüm görnüşlerine aýakgaplaryň içligi we üsti üçin deri, gaýyş gönler we beýleki gön önümleri degişlidir. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy her aýda 160 tonna derini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.
Giňişleýin maglumatRöwşen Restoran
"Röwşen" Restoranyna baryp naharlanmak — hemişe özboluşly täsirli bolup, dünýäniň meşhur aşhanalarynyň tagamlaryndan, oňaýly atmosferadan hem-de ýokary derejeli hyzmatlardan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de restoranyň eltip bermek hyzmaty bilen bu lezzeti öz öýlerinde hem duýup bilerler.
Giňişleýin maglumatRöwşen agro
Mary etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginde ýerleşýän «Röwşen» hususy kärhanasynyň «Röwşen agro» ýyladyşhanalar toplumy ilatymyzy häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly ösdürilip ýetişdirilen ter we ýokary hilli gök önümler bilen üpjün etmäge ýöriteleşendir. «Röwşen agro» toplumy umumy 50 gektar açyk meýdanda ýerleşip, ol ýerde ýerli tejribeli daýhanlar pomidorlarynyň 20-ä golaý sortyny ösdürip ýetişdirýärler.
Giňişleýin maglumatBiz barada
«Röwşen»hususy kärhanasy 1992-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde döredilip, ýokary hilli aýakgap önümlerini öndürmek bilen halkymyza hyzmat edip gelýär. Kärhana diňe aýakgap önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, eýsem ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny amala aşyrýar. Şeýle-de süýji tagamlary bilen haýran galdyryjy restoranlary, gök önümleri ösdürip ýetişdiriji ýyladyşhanalary bilen halkymyza hyzmat edýär.
Biziň maksadymyz
Ýerli önümçilige ýardam etmek we ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, önümleriň halkara bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny we ýurdumyzyň eksport potensialyny ýokarlandyrmak, ilata hödürlenýän harytlaryň görnüşliligini giňeltmek, täze iş orunlaryny döretmek arkaly ýurdumyzyň makroykdysady ösüşine goşant goşmak.
Döwrebap medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyklaryny amala aşyryp halkymyza hyzmat etmek
Görüş
Dünýä ylmynda iň soňky gazanylan üstünliklere esaslanýan tehnologiýalary peýdalanyp önümçilik işimizi kämilleşdirmek arkaly halkymyzyň bagtyýar gelejege ýetmeginde öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys!