Rowşen aýakgaplar

«Röwşen» HK döwrebap aýakgaplary öndüriji hökmünde 2003-nji ýylda abraýa eýe boldy. Şondan bäri «Röwşen aýakgaplary» haryt nyşanly köwüşler alyjylaryň islegli harydyna öwrüldi. Gowy hilli döwrebap aýakgaplar ýurdumyzyň dükanlaryna ýerleşdirilýär. Häzirki wagtda Mary welaýatynyň aýakgap öndürijileriniň önümleriniň giň görnüşi ýurdumyzyň 30-dan gowrak söwda nokatlarynda satylýar.

Giňişleýin maglumat

Röwşen gurluşyk

“Röwşen” hususy kärhanasy 1992-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde döredilip, ýokary hilli aýakgap önümlerini öndürmek bilen halkymyza hyzmat edip gelýar. Şeýle hem, “Röwşen” husysy kärhanasy gurluşyk işleri bilen ýakyndan meşgullanmak bilen ýurdymyzda iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşyk işlerini amala aşyrdy we aşyrýar.

Giňişleýin maglumat

Mary deri

«Mary deri-aýakgap» AGPJ-niň işinde, esasan, maldarçylyk pudagynyň tebigy aýratynlyklary bolan derilerden işlenip taýýarlanan ýokary hilli gön önümleri öndürilýär. Önümçilik kärhanasynyň gön önümlerinden taýýarlanylan aýakgaplar hil taýdan berkligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, eýýäm gysga döwrüň içinde sarp edijiler tarapyndan uly islege eýe boldy.

Giňişleýin maglumat

Maksat deri

«Maksat-deri» AGPJ-niň önümçilik kärhanasynda iri we ownuk şahly mallaryň derisi gaýtadan işlenilip, olardan ýokary hilli, tebigy, dürli reňkdäki we galyňlykdaky gön önümleri taýýarlanylýar. Kärhananyň önüm görnüşlerine aýakgaplaryň içligi we üsti üçin deri, gaýyş gönler we beýleki gön önümleri degişlidir. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy her aýda 160 tonna derini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Giňişleýin maglumat

Röwşen Restoran

"Röwşen" Restoranyna baryp naharlanmak — hemişe özboluşly täsirli bolup, dünýäniň meşhur aşhanalarynyň tagamlaryndan, oňaýly atmosferadan hem-de ýokary derejeli hyzmatlardan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Şeýlede restoranyň eltip bermek hyzmaty bilen bu lezzeti öz öýlerinde hem duýup bilerler.

Giňişleýin maglumat

Röwşen agro

Mary etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginde ýerleşýän «Röwşen» hususy kärhanasynyň «Röwşen agro» ýyladyşhanalar toplumy ilatymyzy häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly ösdürilip ýetişdirilen ter we ýokary hilli gök önümler bilen üpjün etmäge ýöriteleşendir. «Röwşen agro» toplumy umumy 50 gektar açyk meýdanda ýerleşip, ol ýerde ýerli tejribeli daýhanlar pomidorlarynyň ýigrimä golaý sortyny ösdürip ýetişdirýärler.

Giňişleýin maglumat

Biz barada

“Röwşen” hususy kärhanasy 1992-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde döredilip, ýokary hilli aýakgap önümlerini öndürmek bilen halkymyza hyzmat edip gelýar. Kärhana diňe aýakgap önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, eýsem ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny amala aşyrýar. Şeýlede süýji tagamlary bilen haýran galdyryjy restoranlary, gök önümleri ösdürip ýetişdiriji teblisalary bilen halkymyza hyzmat edýär.

Biziň maksadymyz

Röwşen HK ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dürli ugurlarda önümçilik işlerini ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda aýakgaplary öndürmekde, gök önümleri ýetişdirmekde, gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde, hyzmatlar bilen üpjünçilikde uly tabşyryklarymyz bardyr.

Biziň maksadymyz hakykatdanam gowy önümleri dizaýn edip, gurup, ösdürip ýetişdirip, ony dünýä bilen bilen paýlaşmak.

Görüş

Biziň her bir üstünliklerimiz, bagtyýar gelejege ädilen ädimdir. Nesillerimiziň bagtyýar gelejegi gurmagyna goşant goşmak üçin zähmet çekmek bagtly edýär.