Biz barada

  • “Röwşen” hususy kärhanasy gurluşyk işleri bilen ýakyndan meşgullanmak bilen ýurdumyzda iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşyk işlerini amala aşyrdy. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda “Türkmeniň ak öýi” binalary, Balkan welaýatynyň Baş metjidini we Mary welaýatynyň Şatlyk şäherçesindäki Merw metjidini, Aşgabat şäherinde 48 öýli hem-de 72 öýli 12 gatly we Arkadag şäherinde 4 sany 48 öýli 7 gatly ýaşaýyş jaýlary munuň aýdyň subutnamasy. Ýeri gelende belläp geçsek, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli hususy telekeçileriň arasynda yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşiginde 3-nji ornuň ýeňijisi hökmünde «Ýylyň işewür gurluşykçylary» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Biziň maksadymyz

Ekologiýa taýdan arassa materiallary we gurluşyk usullaryny ulanmaga, binalary energotygşytlylygyny gazanmaga we daşky gurşawa täsirini azaltmaga aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda «Röwşen Gurluşyk» hususy kärhanasy Marydaky Döwlet energetika institutynyň çäginde täze binalar toplumynyň gurluşygyny batly depginler bilen amala aşyrýar. Ol ýerde ýokary okuw mekdebiniň goşmaça okuw binasy 2 müň talyp üçin niýetlenen, şeýle hem 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy hem-de monument gurlar. Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Energetika ugurly ýokary okuw mekdebiniň goşmaça okuw binasy 2 müň talyp üçin niýetlenendir, şeýle hem 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy hem-de monument gurlar. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanyp, olary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Görüş

Innowasion materiallary we tehnologiýalary ulanmak: Gurluşykda 3D çap etmek, kompozitler we uglerod süýümi ýaly täze materiallar we "Zatlaryň interneti" ýaly akylly tehnologiýalar has köp ulanylar diýlip garaşylýar.

Näme üçin bizi saýlamaly

Döwrebap tehnologiýalara esaslanmak

Biziň gurýan medeni durmuş maksatly binalarymyz we ýaşaýyş jaýlarymyz häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylýär. Olar sanly tehnolgiýalar we akylly ulgamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

Adam saglygy barada alada

Gurluşyk işimizde peýdalanýan gurluşyk serişdelerimizi saýlap almakda ekologiýa taýdan arassa we adam saglygynyň goraglylygyny nazarda tutup amala aşyrýarys. Adam ergonomikasynyň ähli aýratynlyklaryny hasaba almak bilen ýokary hilli hyzmatlary we mümkinçilikleri bolan binalary we ýaşaýyş jaýlary gurmak biziň esasy ýörelgämizdir.