Biziň taslamalarymyz

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy

Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlary

Çüwdürümler

Ýöriteleşdirilen 146-njy orta mekdep

Merw metjidi

Arkadag şäheriniň aragatnaşyk müdirligi

Daşoguz atçylyk sport toplumynyň durky täzelendi

"Maksat-Deri" AGPJ-niň täze önümçilik sehi

“Türkmen alabaý itleriniň” tohumçylyk merkezi

Sowadyjy ammar.

16-njy tapgyr “Röwşen”, “Elin” ýaşaýyş jaýy

15-nji tapgyr “Mukamly” ýaşaýyş jaýy

Daşoguz şäherindäki “Türkmeniň Ak öýi”

Balkan welaýatynyň Baş Metjidi

Balkanabat şäherindäki "Türkmeniň Ak Öýi"

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binasy 2 müň talyp üçin niýetlenendir, şeýle hem 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy hem-de monument gurlar. Häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy, olary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlary

Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde 4 sany 42 öýli 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy 2021-nji ýylyň iýun aýynda başlap, 2023-nji ýylyň iýun aýynda tamamlandy. Olarda ähli amatlylyklary, şol sanda giň myhman otaglaryny, amatly ýatylýan otaglary, häzirki zaman durmuş enjamlary bilen üpjün edilen aşhanalary, kömekçi jaýlary öz içine alýan amatlyklylaryň doly toplumy göz öňünde tutulan.

Çüwdürümler

"Röwşen" HK döwrebap bezegler bilen gurlan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza MSZ-da "Awazanyň Ýalkymy" monument binasy. Binanyň merkezi bölegi tolkunlaryň üsti bilen ýüzüp barýan ýedi guwuň şekilinde bolup, ol kümüşsöw serişdeden taýýarlanyldy. Binanyň umumy beýikligi 23 metr. Özboluşly suw çüwdürimlerden gurşalan binýadynyň diametri 33 metr. Mundan başgada Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 28 sany eskalatory düýpli abatlandy. Şeýle hem häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň "Parahat-7" ýaşaýyş toplumynda seýilgähiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Ýöriteleşdirilen 146-njy orta mekdep

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ýöriteleşdirilen 146-njy orta mekdebi açyldy. Mekdep 720 orunlyk bolup ol ýerde mejlisler zaly, naharhana, döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilen sport zaly we sport meýdançalary, mugallar üçin niýetlenen mugallymlar otagy, ençeme kitaplar bilen baýlaşdyralan kitaphana, döwrebap pedagogik tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan informatika, biologiýa, himiýa boýunça ýörite synp otaglary, lingafon otaglary, zähmet otagy.

Merw metjidi

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesinde ýerleşýän täze metjit jemi üç gektar meýdany eýeleýär onda bir wagtyň özünde 300 adam namaz okap bilýär. Iki minarasynyň her biriniň boýy 32 metre ýetýär. Uly gümmeziň gyrasynda 24 penjire bolup, ol bir gije-gündizi alamatlandyrýar. Ol iň oňat däplerde we milli binagärlik usulynda döredilen binalar toplumydyr. 300 orunlyk metjidiň binasyndan başga-da, däp-dessurlar üçin otaglar, ýagny 300 orunlyk sadaka (gurban) berilýän jaý, täret üçin aýratyn otaglar, tehniki maksatly dürli binalar, suw üçin howuz we açyk awtoulag duralgasy bar. Metjidiň gurluşygy 2022-nji ýylyň awgust aýynda başlandy we 2024-nji ýylyň aprel aýynda tamamlandy. Täze açylan metjide, degişlilikde, "Merw Metjidi" diýlip atlandyryldy.

Arkadag şäheriniň aragatnaşyk müdirligi

Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdürligi “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Desganyň gurluşygy 2021-nji ýylyň iýun aýynda başlap, 2023-nji ýylyň iýun aýynda tamamlandy. Ol ýerde müşderler bilen işlemeklik üçin uly zal, tölegleri kabul edýän kassirleriň we operatorlaryň iş otaglary, ýygnaklar zaly, IT merkezi, sport zaly, serwer saklamak üçin sowadyjy otaglar, tehniki otaglar, barlaghanalar, ammarlar, nobatçy işgärleriň otaglary ýerleşdirilendir. Şeýle hem toplumyň ähli çägi abadanlaşdyryldy, gök zolaklar döredildi. Köp sanly güller, dürli görnüşli agaç nahallary oturdyldy.

Daşoguz atçylyk sport toplumynyň durky täzelendi

Atçylyk-sport toplumynyň çapuw ýodasy iki görnüşli çagyllaryň birnäçe gat düşelmegi arkaly berkidildi. Onuň ýokarsyndan ýokary tehnologiýaly geotekstil düşeldi. Soňra Ahal welaýatynyň çäginden getirilen kwars çägesi çapyşyk ýolunyň soňky örtügi boldy. Geçirilen işleriň çäklerinde atçylyk-sport toplumynyň esasy derwezesi we germewleri döwrebaplaşdyryldy, tomaşaçylar münberleriniň oturgyçlary çalşyryldy. Döwrebaplaşdyryş işleriniň dowamynda toplumyň girelgesi abatlanyldy. Bedewleriň şekilleri oturdylan desgalaryň diwarlaryna bezeg serişdeleri ýerleşdirildi. Toplumyň dürli gatlarynda VIP münberler bar. Toplumyň penjirelerinde, gapylarynda, onuň dürli binalarynyň we münberleriniň gurluşygynda, bezeg işlerinde häzirkizaman serişdeleri ulanyldy, çapyşyk ýolunda LED ekranly monitor oturdyldy. Şeýle hem toplumyň ähli çägi abadanlaşdyryldy, gök zolaklar döredildi. Köp sanly güller, dürli görnüşli agaç nahallary oturdyldy. Çapyşyk ýolunyň iç tarapynda tutuşlygyna gök zolak döredildi. Desganyň gurluşygy 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlap, 2023-nji ýylyň aprel aýynda tamamlandy.

"Maksat-Deri" AGPJ-niň täze önümçilik sehi

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesinde ýerleşýän "Maksat-Deri" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze önümçilik sehi umumy meýdany 3,8 gektar bolup onuň çäginde naharhana we tehniki desgalar guruldy. Täze önümçilik sehi iň kämil enjamlar bilin enjamlaşdyrylan. Desga 2022-nji ýylda gurluşygy başlap 2024-nji ýylda tamamlandy.

“Türkmen alabaý itleriniň” tohumçylyk merkezi

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow etrabynyda ýerleşýän "Türkmen alabaý itleriniň" tohumçylyk merkezi “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Desganyň gurluşygy 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlap, 2021-nji ýylyň aprel aýynda tamamlandy. Häzirki wagtda umumy meýdany 1 gektardan ybarat bolan bu merkeziň çäginde edara hem-de işgärler üçin binalar, alabaýlaryň jemi 70 sanysyny saklamaga hem-de olara seretmäge niýetlenen, ýagny 30 orunlyk it ýatagy, 20 orunlyk 2 - 6 aýlyk güjükleri saklanylýan, 20 orunlyk ene alabaýlaryň bolýan jaýlary, weterinariýa, izolýator bölümleri, münber, sergi, türgenleşik meýdançalary bar. Şonuň ýaly-da, bu ýerde alabaýlary idetmekde peýdalanyljak tehnikalar üçin jaýlar ýerleşýär.

Sowadyjy ammar.

Aşgabat şäherinde göwrümi 2000 tonna bolan gök-bakja, miwe we ýer alma önümlerini saklamana niýetlenen döwrebap sowadyjy ammaryny gurdy. Desganyň gurluşygy 2018-nji ýylyň fewral aýynda başlap, 2018-nji ýylyň aprel aýynda tamamlandy.

16-njy tapgyr “Röwşen”, “Elin” ýaşaýyş jaýy

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda ýerleşýän 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýda amatly we abadan ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Olarda ähli amatlylyklary, şol sanda giň myhman otaglaryny, amatly ýatylýan otaglary, häzirki zaman durmuş enjamlary bilen üpjün edilen aşhanalary, kömekçi jaýlary öz içine alýan amatlyklylaryň doly toplumy göz öňünde tutulan 3,4 we 5 otagly öýler ýerleşdirilendir. Bu bina "akylly öý" ulgamy ornaşdyrylan. Munuň özi bu öýde durmuş düzümine degişli ähli düzümleriň sanly ulgam arkaly enjamladyrylandygyny äşgär edýär.

15-nji tapgyr “Mukamly” ýaşaýyş jaýy

Aşgabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda ýerleşýän 1 sany 12 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy. Desganyň gurluşygy 2016-nji ýylyň maý aýynda başlap, 2017-nji ýylyň iýun aýynda tamamlandy.

Daşoguz şäherindäki “Türkmeniň Ak öýi”

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen 3000 orunlyk "Türkmeniň ak öýi" binasyny hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýy gurulyp ulanylmaga berildi. Umumy meýdany 21 müň inedördül metre golaý bolan «Ak öýüň» beýikligi 40, ini hem 80 metre ýetýär. Bina ýanaşyk ýerler hem doly abadanlaşdyryldy. Onuň daş-töweregine köp sanly pürli hem-de bezeg agaçlary oturdyldy. Milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmeniň ak öýi” binasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Täze desganyň binagärlik keşbinde jaý gurmagyň milli däpleri we binagärlik sungatynyň häzirki zaman gazananlary sazlaşykly utgaşýar.

Balkan welaýatynyň Baş Metjidi

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde gurulan Baş Metjidiniň umumy meýdany 14 gektardan gowrakdyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Minaralarynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem, metjidiň gapdalynda 1500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy. Binanyň içi timarlananda, mermer, granit agajyň gymmat görnüşleri ulanyldy.

Balkanabat şäherindäki "Türkmeniň Ak Öýi"

Röwşen hususy kärhanasy, jemgyýetçilik we medeni çäreleri geçirmek üçin Balkan Welaýatynyň Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň Ak öýi” gurluşygyna gatnaşdy. 3000 oturgyç bilen üpjün edilen bina, 3000 orunlyk sadaka (gurban) bermek üçin binany we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak üçin işleri öz içine alýar. Desganyň gurluşygy 2018-nji ýylyň dekabrynda başlandy we Hormatly Prezidentimiziň dabaraly açylyşyna gatnaşmak bilen 2021-nji ýylyň iýun aýynda tamamlandy.